Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýada ýer yrandy


Ýaponiýanyň gündogar kenarynda güýçli ýer yranmasy boldy.

Birleşen Ştatlaryň Geologiýa gözegçilik merkezi ýer sarsgynynyň şenbe güni, ýerli wagt bilen irden bolandygyny aýdýar.

Sarsgynyň güýji 7.3 ball bolup, ol 10 km çuňlukda, ýadro elektrik stansiýasynyň ýerleşýän ýeri bolan Fukuşima sebitinden 300 km uzaklykda bolupdyr.

Ýaponiýanyň Metreologiýa gullugy ýer yranandan soň sunamy tolkunlarynyň bir metre çenli ýokaryk galandygyny aýdýar.

Şeýle-de bu gulluk ýer yranmasynyň güýjüniň 7.1 ball bolandygyny we zyýan ýeten Fukuşima Daýçi ýadro elektrik stansiýasynda hiç hili kadasyzlyk alamatlarynyň görünmändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG