Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkeliň telefony 2002-den bäri diňlenipdir


German neşiri ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň kansler Angela Merkeliň mobil telefonyny 2002-nji ýyldan bäri diňlän bolmaklarynyň ahmaldygyny aýdýar.

“Der Spiýegel” žurnalynda çap edilen hasabatda prezident Barak Obamanyň, eger muny bilen bolsa, onuň telefonynyň diňlenmegini bes etdirjegini aýdandygy hem habar berilýär.

Žurnal 2010-njy ýyla degişli gizlin dokumente salgylanyp, Milli aňtaw gullugynyň dünýäniň 80 çemesi ýurdunda, şol sanda Berlinde, Parižde, Madridde we Pragada içalyçlyk merkezlerini işledendigini aýdýar.

Şenbe güni Waşingtonda ýüzlerçe adam ABŞ-nyň elektron gözegçilik programmalaryna garşy proteste çykdy.

ABŞ-nyň dünýä boýunça alyp barýan gizlin gözegçilik işleri şu ýyl ozalky aňtaw işgäri Edward Snowden tarapyndan paş edildi.
XS
SM
MD
LG