Türkmenistan ýekşenbe güni ýurduň Baş baýramyny, ýurt garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyny belleýär.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow metbugatda baýramçylyk gutlagy bilen çykyş etdi.
Baýramçylygyň esasy çäreleri paýtagt Aşgabadyň merkezi meýdançasynda, harby parad we ýurduň bäş welaýatyndan Aşgabada gelen delegasiýalaryň baýramçylyk ýörişi bilen bellenilýär.
Ýurduň prezidenti we hökümet agzalary, parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky daşary ýurt missiýalarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, regionlardan gelen delegasiýalar irden ýurt garaşsyzlygynyň baş simwolynyň – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk monumentiniň eteginde gül çemenlerini goýdular.
Baýramçylyk dabaralarynyň birinji gününiň soňy aýdym-sazly konsertlere, köpçülikleýin gezelençlere ulaşýar.
Garaşsyzlyk baýramynyň ikinji güni duşenbede, paýtagt aýlawynda guralýan at çapyşyk bilen dowam eder.
Türkmenistan 1991-nji ýylyň oktýabrynda, ählihalk ses berişliginiň netijeleri esasynda, garaşsyz ýurt diýlip yglan edildi.

Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!