Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-da 10 adam öldürildi


Amerikan häkimiýetleri Nýu-Ýork şäherinde we Feniksde (Arizona) aýry-aýrylykda bolan hadysalar netijesinde 10 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Polisiýa Nýu-Ýorkda, Bruklin ýaşaýyş etrabynda, şenbe gijesi bolan bir hadysada bäş adamyň pyçaklanyp öldürilendigini aýtdy.

Polisiýa pidalaryň 1 ýaşdan 20 ýaş aralygyndadygyny habar berýär. Pidalaryň garyndaşlyk gatnaşygy we bu işe kimiň jogapkärdigi belli däl.

Şeýle-de polisiýa günorta-günbatardaky şäher Feniksde bir kwartira toplumynda atylyp öldürilen dört adamyň jesediniň tapylandygyny aýtdy.

Polisiýa bu işde çak edilýän ýaragly adamyň hem şol binada öli tapylandygyny, onuň özüni ýaralap öldürene meňzeýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG