Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowlaryň maşgala biznesi: Kim näme bilýär?


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow agtygy Kerimguly bilen
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow agtygy Kerimguly bilen
Türkmenistan ýapyk ýurt hasaplanýar, şonuň bilen birlikde ýurtdaky biznes pudagyna birinji maşgalanyň täsiriniň uludygy, esasy gurluşyk şertnamalarynyň prezidentiň ygtyýaryndaydy hakynda giňden gürrüň edilýär.

Şonuň bilen birlikde prezidentiň maşagala agzalarynyň hem biznes pudagyna ýetirýän täsiriniň uludygy aýdylýar. Emma bu gürrüňleriň haýsysy çyn, haýsysy çişirilen, bilmek kyn. Sebäbi resmiler ýa-da metbugat bu barada hiç bir düşündiriş bermeýär.

Emma muňa garamazdan, ýurduň birinji ýolbaşçysy bilen ýakyn gatnaşyk guran şol bir daşary ýurt firmalarynyň, şeýle-de uly hökümet resmilerine ýakyn durýan adamlaryň biznesiniň «şowunadygy» umumy aýan edilýän sanlar, faktlar arkaly hem tassyk bolýar.

Eýsem Berdimuhamedowlaryň maşgala biznesi, bu ýagdaýyň adaty iş adamlarynyň biznesine ýetirýän täsiri barada halk içinde nämeler bilinýär?

Bu barada anyk bilýän zatlaryňyz bolsa, delil-faktlaryňyz bolsa, foruma gatnaşyp, türkmenistanlylaryň iş-biznes, ykdysady kynçylyklary baradaky hakykatyň aýdyňlaşmagyna goşant goşup bilersiňiz.

Ýöne forumda boş aýyplamalara, duýga, esassyz ýa-da matlaply pikirlere orun berilmejegini öňünden duýdurýarys.

Pikirleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG