Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl BMG-niň synyna gatnaşar


Ysraýylyň daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ženewada geçiriljek synyna ysraýylly wekilleriň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Mundan ozal Ysraýylyň “Haaretz” gazeti Germaniýanyň Ysraýyl sişenbe güni geçiriljek maslahata gatnaşmasa, “agyr syýasy zyýanlardan ejir çeker” diýip, duýdurandygyny habar beripdi.

Ýanwar aýynda Ysraýyl BMG-niň synyna boýkot yglan eden ilkinji döwlet bolupdy.

Şu ýylyň mart aýynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Ysraýylyň ýaşaýyş jaýlarynyň palestinalylaryň hukuklaryna nähili täsir ýetirip biljekdigini derňejekdigini mälim edeninden soň, Ysraýyl gürrüňi edilýän geňeş bilen ähli gatnaşyklaryny togtadypdy.

Ysraýyl ýewreý döwletine garşy BMG-niň uzak wagtdan bäri bir taraplaýyn garaýandygyny aýdyp gelýär.
XS
SM
MD
LG