Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baumgartneriň tussaglygy uzaldyldy


Duşenbe güni Belarusyň derňew komiteti Russiýanyň “Uralkali” kompaniýasynyň direktorynyň öý tussaglygyny dekabr aýynyň ahyryna çenli uzaldylandygy barada maglumat berdi.

Rus raýaty Wladislaw Baumgartner pul ogurlamak aýyplamalary bilen Minsk şäherinde öý tussaglygynda saklanylýar. Ol awgust aýynda tussag edilipdi.

Iýul aýynda “Uralkali” kompaniýasy Belarusyň kaliý kärhanasy bilen hyzmatdaşlygyny togtadypdy. Bu hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşmagyna sebäp bolupdy.

Russiýanyň derňew komiteti Baumgartneriň ekstradasiýa talap etmäge synanyşjakdygyny mälim etdi. Baumgartner Russiýada wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda gaýybana aýyplanýar.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Baumgartneriň “bikanun işleriniň” belarus ykdysadyýetine ýetiren zyýanynyň öwezi doldurylan halatynda onuň Russiýa ekstradasiýa edilip bilinjekdigini aýtdy. Lukaşenko şol zyýanyň takmynan 100 million amerikan dollaryna deňdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG