Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabardino-Balkariýa: Bir ofiser öldi


Demirgazyk Kawkazyň Kabardino-Balkariýa respublikasynda geçirilen ýörite operasiýanyň dowamynda polisiýanyň bir ofiseri we söweşijidigi öýdülýän iki adam öldürildi.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, Zalukokoaže obasynda iki adam polisiýanyň öýi terk etmek görkzezmesinden boýun gaçyryp, olara garşy ýaraglardan ot açypdyr. Operasiýanyň dowamynda polisiýanyň bir ofiseri agyr ýaralanyp, öldi.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşystanda we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG