Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan araçylary Baradar bilen duşuşar


Owganystan öz araçylarynyň öňki “Talyban” komandiri Mullah Baradar bilen ilkinji gepleşikleri geçirmek üçin ýakynda Pakistana sapar etjekdigini aýtdy.

Çarşenbe güni prezident Hamit Karzaýyň ofisi tarapyndan ýaýradylan beýanatda Owganystanyň Ýokary parahatçylyk geňeşiniň Baradar bilen gepleşikleri geçirmek üçin “ýakyn wagtda” Pakistana sapar etjekdigi mälim edilýär.

Bu ylalaşyga prezident Karzaýyň Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif bilen sişenbe güni Londanda geçiren gepleşiklerinden soň gelindi.

Baradar 2010-njy ýylda Pakistanda tussag edilýänçä, “Talyban” hereketiniň ikinji derejeli lideridi we häzirki wagtda oňa Owganystanda gaýtadan parahatçylyk gepleşiklerine başlamak üçin esasy adam hökmünde garalýar.

Pakistan sentýabr aýynda Baradaryň tussaglykdan boşadylandygyny yglan edipdi. Ýöne ol entek hem Pakistanda ýiti gözegçilikde saklanýar. Owganystan ençeme ýyl bäri Baradaryň azatlyga goýberilmegi üçin çagyryş edip gelýär.
XS
SM
MD
LG