Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diri gömlen gyz halas boldy


Pakistanda jynsy zorluk edilenden soň diri gömlen ýaş gyzyň halas bolandygy habar berilýär. Hindi metbugatynyň Siddiki Mugala salgylanyp berýän maglumatyna görä, onuň 13 ýaşyndaky gyzy "Gurhan" sapagyna gidip barýarka alnyp gaçylyp, iki adam tarapyndan zorlanypdyr.

Pakistanyň Punjab welaýatyndaky Toba Tek Singh etrabynyň ýaşaýjysy Mugal adamlaryň gyzyny zorlap, ýoluň gyrasynda ýere gömendigini, ondan soň gyzynyň öz üstündäki gumy böwsüp, halas bolandygyny aýdýar.

Mugalyň aýtmagyna görä, ol bu waka barada polisiýa habar beripdir. Emma ol polisiýanyň bu mesele barada özi bilen hyzmatdaşlyk etmegi we derňew işini gozgamagy ret edendigini aýdýar.

Ýöne şenbe güni Pakistanyň Lahor şäher sudy bu wakany bellige aldy we kazylara bu meseläni derňemegi tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG