Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Resmilere aýyplama bildirilip bilner


Gyrgyzystanda ýurduň öňki we häzirki resmileriniň azyndan dokuz sanysyna 2003-nji ýylda Kanadanyň “Centerra Gold” kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama bilen baglylykda parahorluk aýyplamalarynyň bildirilmegi mümkin. Bu barada Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy habar berýär.

Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň baş prokurory Aida Salýanowa 2003-nji ýylda gürrüňi gidýän ylalaşyga ýurduň 12 sany ýokary derejeli resminiň gol goýandygyny mälim etdi. Şol şertnamada ýurduň iň uly altyn käni bolan “Kumtordan” Kanadanyň “Centerra Gold” kompaniýasyna 83% paý, gyrgyz hökümetine bolsa 17% paý düşýär diýlip kesgitlenipdir.

Ýaňy ýakynda üç gyrgyz ministrine “Kumtor” altyn käni bilen ilteşikli korrupsiýa aýyplamasy bildirildi.

“Kumtor” şertnamasy boýunça 2009-njy ýylda gaýtadan ylalaşyga gelnipdi. Şonda gyrgyz hökümetine 33% paý berilipdi.

Geçen hepde gyrgyz parlamenti hökümet tarapyndan hödürlenen täze “Kumtor” ylalaşygyny ret etdi. Eger parlament bu ylalaşyga razylygyny beren bolsady, onda “Kumtor” käninden kanadaly kompaniýa we gyrgyz hökümeti deň paý alardy.
XS
SM
MD
LG