Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýakyn Gündogar: Jon Kerri Kaire sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (S) Müsüriň daşary işler ministri Nabil Fahmi bilen, Kair, 3-nji noýabr, 2013.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (S) Müsüriň daşary işler ministri Nabil Fahmi bilen, Kair, 3-nji noýabr, 2013.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri ýekşenbe güni Kaire geldi. Bu onuň yslamçy prezident Muhammad Morsi iýulda häkimiýetden çetleşdirileli bäri Müsüre edýän ilkinji saparydyr.

Kerri Müsüriň daşary işler ministri Nabil Fahmi bilen çykyş eden metbugat ýygnagynda Waşington Müsüriň geçiş dolandyryjylary bilen işleşmek pikirinde berk durýar diýdi.

Ol müsürlileri özleriniň «demokratiýa tarap ýörişlerini» dowam etdirmäge çagyrdy we Müsüri ymykly durnuklylyga, ykdysady abadançylyga diňe demokratiýanyň ýetirjegini aýtdy.

Kerriniň gelen wagty Morsiniň sud diňlenişiginiň başlanmazynyň öň ýanyna gabat geldi, ol 2012-nji ýylyň dekabrynda Müsüriň prezident köşgüniň daş işigine ýygnanan protestçileri öldürmäge meçew bermekde aýyplanýar.

Yslam uniwersitetinde çaknyşyk boldy

Ýekşenbe güni Kerriniň çykyş edýän wagtynda Kairdäki uly Yslam uniwersitetinde Morsiniň tarapdarlary bilen garşydaşlarynyň arasynda çaknyşyk boldy. Bu zorluk Al-Ažar uniwersitetiniň Morsiniň sud edilmegine garşy protest bildirýän studentleri bilen Müsüriň harbylaryny goldap demonstrasiýa geçirýän studentleriň arasynda döredi.

Kerri Morsi häkimiýetden çetleşdirileli bäri bolan zorlukly hereketleriň ählisini ýazgardy, ýöne ol Morsiniň özi hakynda-da, onuň duşenbe güni başlanjak sudy barada-da hiç zat aýtmady.

Şeýle-de Kerri Birleşen Ştatlaryň Müsüre berýän kömegini togtatmagyny ulaltmazlygy sorady we gatnaşyklaryň diňe kömek esasynda kesgitlenmeli däldigini aýtdy:

"Elbetde, biz belli bir wagt çäginde saklanmaly edilen kömek baradaky karara düşündik, biz onuň käbir ýerlerde gowy kabul edilmejegini hem bilýärdik. Emma bu jeza däl. Bu Birleşen Ştatlardaky syýasatyň biziň kanunçylygymyz astyndaky şöhlelenmesi. Bizde ýurtdaky hökümetiň çalyşmagy bilen bagly kesgitli wakalarda nähili hereket edilmelidigi barada Birleşen Ştatlaryň Kongresi tarapyndan kabul edilen kanun bar. Biz şol kanuna boýun bolmaly."

Waşington golaýda, Morsiniň tarapdarlaryna garşy zorluk ulanylýandygyny we ýurduň harby dolandyryjylarynyň demokratiki reformalary geçirmeýändigini aýdyp, Müsüre berýän ýyllyk 1.5 milliard dollar kömeginiň käbir bölegini doňdurypdy.

Morsiniň tarapdarlarynyň demokratik esasda saýlanan prezidentiň iş başyndan çetleşdirilmegine garşy gurnan protestleri hökümet tarapyndan güýç bilen basylyp ýatyrylanda ýüzlerçe adam heläk boldy.

Müsüriň "agyr döwri"

Kerri Müsüriň «agyr döwri» başdan geçirýändigini boýun aldy. Ol ýurtdaky ähli zorluklary bes etmäge çagyrdy.

Kerri Müsüriň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň geljeginiň ýurduň ykdysady geçişine baglydygyny hem sözüne goşdy.

Müsüriň daşary işler ministri Fahmi Kerriniň aýdan sözleri we geçiş ýolbaşçylarynyň konstitusiýa reformalary, 2014-nji ýylyň ýazynda geçirilmeli saýlaw baradaky planlary Waşington bilen Kairiň arasyndaky kadaly gatnaşyklaryň dikeldilýändigini görkezýär diýdi.

"Birnäçe gün öň men ABŞ-Müsür gatnaşyklarynyň biraz dartgynlydygyny agzapdym. Emma şu gün [ABŞ-nyň] [döwlet] sekretary [Jon Kerri] bilen ýapyk gapylaryň arkasynda eden maslahatymdan soň men ABŞ-nyň Müsüre we onuň ýol kartasyna goldawy örän pozitiw görkeziji diýip ynanýaryn."

Aýdylmagyna görä, Kerri Müsüriň raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen hem ýapyk gapylaryň arkasynda maslahat edipdir.

Döwlet deparatmenti ol baryp Kairde gonýança Kerriniň bu ýere sapar edýändigini tassyklamady. Ýogsa Müsüriň mediasy şeýle saparyň boljagyny birnäçe gün öňünden habar beripdi.

Kerriniň dokuz günlük regional sapary Saud Arabystanyny, Ysraýyly, Ioardaniýany, Alžiri hem öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG