Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mazoweski soňky ýoluna ugradyldy


Müňlerçe polşaly Warşawada, ýekşenbe güni, ýewropaly liderler bilen bilelikde, komunist sistema ýykylandan soň, ozalky Gündogar blokda ilkinji post-kommunist premýer-ministr bolan Tadeuş Mazoweskini soňky ýoluna ugratmaga toplandy.

Demokratiýa tarapdar aktiwist we ýazyjy Mazoweski Raýdaşlyk azatlyk hereketiniň lideri Lech Walesanyň maslahatçysy bolupdy.

Raýdaşlyk hereketi 1989-njy ýylda Polşada kommunistleri häkimiýet başyndan agdarypdy.

Mazoweski duşenbe güni Warşawadaky hassahanada 86 ýaşynda aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG