Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada gyrgyz we özbek öldürildi


Russiýanyň ikinji uly şäheri Sankt-Peterburgda merkezi aziýaly iki sany migrant pyçaklanyp öldürildi.

Polisiýa resmileriniň sişenbe güni beren maglumatyna görä, duşenbe güni şäheriň köçeleriniň birinde pyçaklanan 36 ýaşly gyrgyz raýatynyň jesedi tapylypdyr. Günüň ahyrynda Rybatskoýe metro stansiýasynyň golaýynda pyçaklanyp öldürilen özbek raýaty tapyldy.

Şeýle-de duşenbe güni şäheriň Uldenaýa metro stansiýasynda rus milletçileriniň onlarçasy merkezi aziýaly we kawkazly migrant işçilere hüjüm etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG