Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Partlamada bir adam öldi


Hytaýda Kommunistik partiýayň Şansi welaýatyndaky edarasynyň öňünde birnäçe kiçi partlama boldy.

Döwlet eýeçiligindäki Sinhua habar gullugy çarşenbe güni Şansi welaýatynyň Taýýuan şäherinde bolan partlamada bir adamyň ölendigini, başga-da sekiz sanysynyň ýaralanandygyny habar berýär.

Mundan iki hepde ozal hem Pekiniň merkezinde üç adam ulagyny Tiananmen derwezesiniň öňündäki köpçüligiň üstüne sürüp, ony oda beripdi. Şol wakada bäş adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG