Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa alawy Kosmosa uçuryldy


Olimpiýa alawy mundan ozal hiç haçan alnyp gidilmedik ýerine barmak üçin ýola düşdi.

Penşenbe güni Gazagystandaky Baýkanur kosmos stansiýasyndan Olimpiýa alawyny we üç adamdan ybarat ekipažy Halkara kosmos stansiýasyna alyp gitjek "Soýuz" raketasy asmana uçuryldy.

Raketa Kosmosdaky stansiýa bilen birleşenden soň, Olimpiýa alawy şenbe güni russiýaly iki kosmonawt tarapyndan kosmosda gezelenje çykarylar. Şeýlelikde, Olimpiýa alawynyň ilkinji sapar açyk kosmosa çykarylmagy amala aşar.

Howpsuzlyk sebäplerine görä, Olimpiýa alawy uçuş döwründe we Kosmos stansiýasynda döwri ýakylmaz.

Mundan ozal Olimpiýa alawy 1996, 2000-nji ýyllarda geçirlen Olimpiýa oýunlaryndan öň ABŞ-nyň kosmos gatnawy tarapyndan Kosmosa uçurylypdy.

Olimpiýa alawy duşenbe güni gaýtadan Ýere getiriler.
XS
SM
MD
LG