Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Bomba hüjüminde güman edilýän tutuldy


Hytaý polisiýasy ganly bomba hüjüminde gümanly adamy tutandygyny aýdýar.

Çarşenbe güni demirgazyk şäherde, Kommunstik partiýanyň ofisiniň daşynda bolan bomba hüjümlerinde bir adam ölüp, sekiz adam ýaralandy.

Şanhsi welaýatynyň häkimiýetleri anna güni Feň Žijunyň tutulandygyny we eden jenaýatyny boýun alandygyny aýtdylar.

Bu beýanatda güman edilýäniň ozal hem ogurlyk üçin dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi aýdylýar.

Şeýle-de Feňiň öýünden bomba ýasalýan materillaryň we beýleki subutnamalaryň tapylandygy habar berilýär.

Bu hadysa merkezi Pekinde bolan ganly wakadan bir hepde soň boldy.
XS
SM
MD
LG