Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tolokonnikowa başga türmä barýar


Orsýetdäki türmeler we koloniýalar agentligi «Pussy Raýotyň» tussag edilen agzasy Nadežda Tolokonnikowanyň indiki saklanjak türmesine alnyp barylýandygyny, ýagny ýoldadygyny habar berdi.

Anna güni ýaýradylan beýanatda Tolokonnikowanyň hiç bir şikaýatynyň ýokdugy, onuň saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygy aýdylýar.

Tussagyň indi haýsy ýerdäki türmede saklanjagy barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Ozalky saklanýan türmesindäki şertlerden nägile bolup, başga türmä geçirilmek talaby bilen açlyk yglan edeninden soň, ýagny 22-ji oktýabrdan bäri Tolokonnikowanyň nirededigi bilinmeýär.

«Amnesty International» çarşenbe güni rus häkimiýelerini Tolokonnikowanyň nirededigini aýtmaga çagyrdy.

Ol Moskwa buthanasynda prezident W.Putini tankytlap aýdym aýdany üçin türmä basyldy.
XS
SM
MD
LG