Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Batura: “Men tussaga edilmäge taýýar”


Belarusyň Minsk oblastynyň ozalky häkimi Barys Batura prezident Aleksandr Lukaşenkony tankytlanyndan we ýurtda azatlygyň ýetmezçilik edýändigini aýdanyndan soň, häzir özüniň tussag edilmegine taýýardygyny aýdýar.

Anna güni Lukaşenko döwletiň eýeçiligindäki tagta zawodyna baranynda, Baturany köpçüligiň öňünde işinden boşadypdy. Lukaşenko zawodyň häzirki durky bilen kanagatlanman, eger-de Batura zawodyň ýolbaşçylygyna geçip, ýagdaýlary ýaza çenli düzetmese, onuň garşysyna jenaýat işiniň gozgalmagy bilen haýbat atypdy.

Batura Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugyň bilen söhbetdeşlikde zawodda işlemekçi däldigini aýtdy. Şeýle-de ol: “Goý, tussag etseler, edibersinler. Bolmanda-da biziň häzirki günümizi azatlyk diýip atlandyryp bolanok. Bu-da gynandyryjy” diýip, sözüne goşdy.

Lukaşenko özüniň awtoritar häkimiýeti üçin adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan tankyt edilip gelinýär.
XS
SM
MD
LG