Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hizballah Siriýada galjakdygyny aýdýar


Penşenbe güni “Hizballah” hereketiniň lideri Hassan Nasrallah şaýy söweşiji toparynyň zerur boldugyça Siriýada galmaga dowam etjekdigini aýtdy. Bu topar Siriýada dowam edýän graždanlyk urşunda prezident Başar al-Assadyň güýçleriniň tarapynda söweşýär.

Nasrullah Beýrutyň günortasynda “Aşura” atly dini dabarany belleýän on müňlerçe liwanly şaýylara ýüzlenip şeýle diýdi: “Siriýada uruşmak üçin sebäp boldugyça, biz ol ýerde bolmaga dowam ederis”.

Nasrullah bu çykyşyny çarşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-munyň Hizballahyň söweşijilerine Siriýadaky uruşlaryny bes etmäge çagyrmagynyň yz ýany amala aşyrdy.

Ban şol çykyşynda serhetýakada bolýan ýowuzlyklary ýatladyp, Siriýadaky konfliktiň goňşy Liwan döwletine hem çynlakaý täsir ýetirýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG