Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan Siriýa kömek berendigini ret edýär


Demirgazyk Koreýa özüniň Siriýa harby kömek berýändigi barada çykan metbugat habarlaryny ret etdi.

Bu inkär etme Demirgazyk Koreýanyň resmi KSNA habar gullugy tarapyndan, penşenbe güni giçlik ýaýradyldy.

"Jerusalem Post" 15-nji oktýabrda Demirgazyk Koreýanyň dikuçar pilotlarynyň Siriýada prezident Başar al-Assadyň režiminiň tarapynda hereket edýändigini habar berdi, bu habar Adam hukuklary boýunça Siriýa obserwatoriýasy tarapyndan hem tassyk edildi.

Başga habarlarda bolsa, Demirgazyk Koreýanyň topçy ofiserleriniň Siriýada görlendigi aýdyldy. Siriýa Demirgazyk Koreýanyň ýakyn ýaranlarynyň biri. Phenýan Siriýadaky plutonium reaktoryny gurdy.

Emma bu reaktor 2007-nji ýylda Ysraýyl zarbasy bilen weýran edildi. Şeýle-de Phenýanyň Siriýanyň himiki ýaraglar programmasy bilen ilteşigi bar.
XS
SM
MD
LG