Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Günbatary saýlarmy ýa Gündogary?


Ukrainanyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Orsýetiň birleşdirilen döwlet baýdaklary (çeşmesi: shutterstock.com)
Ukrainanyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Orsýetiň birleşdirilen döwlet baýdaklary (çeşmesi: shutterstock.com)

Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar Hyzmatdaşlygynyň sammitine iki hepdeden-de az wagt galdy. Emma Ukrainanyň ÝB-gi bilen partnýorlyk barada ylalaşyga gol çekip-çekmejegi henizem belli däl.

Ukraina aýgytly pursaty başdan geçirýär. Kiýew geosyýasy çatrykda dur. Ukrainanyň üstünde göreş gidýär.

Ýewropa Bileleşiginiň Günbatar hyzmatdaşlygynyň şu aýyň aýagynda Wilnýusda boljak sammitine çenli galan wagtyň azalmagy bilen, bu waka barada çap edilýän köpmanyly sözbaşyly maglumatlar köpelýär, edilýän umytlar hem artýar.

Iki hepdeden az wagt galdy, emma bu sammitiň esasy maksadynyň, ýagny ÝB bilen Ukrainanyň arasyndaky Bileleşik baradaky ylalaşyga gol çekişligiň geljegi kesgitsizligine galýar. Taraplar bu ylalaşyga bäş ýylyň dowamynda taýýarlyk gördüler.

Ençeme aýyň dowamynda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Ýewropa tarap alyp barýan ýoldan ýöremek ugrunda ynamly hereket edýäne meňzeýärdi. Ol kanunlaryň reformasyny geçirdi we öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkony türmeden boşatmaga taýýarlyk bildiripdi. Ýewropa Bileleşigi Timoşenko Ukrainanyň adalat sistemasynyň kämilsizliginiň pidasy diýip hasap edýär.

Moskwanyň basyşy

Şol bir wagtyň öünde-de Moskwanyň basyşlary hem güýçlendi. Orsýet Ukrainanyň öz döreden Gümrük Bileleşigine goşulmagyny isleýär.

Wiktor Ýanukowiç soňky iki hepdäniň dowamynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin blen azyndan üç sany syrly gepleşigi geçirdi. Bu gepleşikleriň netijesinde Ukrainanyň prezidentiniň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmaga islegi azalana meňzeýär.

“Uzaga çeker”

Ýewropa Geňeşiniň daşary gatnaşyklar syýasaty boýunça agzasy Andrew Wilson Ýewropa Bileleşiginde goşmaça planyň ýokdugyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, eger Wilnýusda ÝB-niň we Ukrainanyň arasynda ylalaşyga gol çekilmese, oňa 2014-nji ýylda gol çekiljegine garaşyp bolmaz, sebäbi indiki ýylda Ukraina 2015-nji ýylyň başynda boljak prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk görmek işi bilen başagaý bolar.

Polşanyň öňki prezidenti we ÝB-niň Ukraina boýunça wekili Aleksandr Kwasnewskiniň 14-nji noýabrda žurnalistlere aýtmagyna görä, ÝB-niň we Ukrainanyň arasynda Wilnýusda gol çekilmegine garaşylýan ylalaşygyň yza tesdirilmegi bu meseläniň “näbelli wagtlap uzaga çekjegini” aňladýar.

Aýgytly pursat

Analitikler Kiýewiň kararynyň hem Brýussel hem-de Moskwa üçin aýgytly bir pursat bolup durýandygyny belleýärler.

Andrew Wilsonyň pikrine görä, ýaýbaňlanmakdan we global maliýe krizisden ýadan Ýewropa Bileleşigi ýurtlary özüne çekmäge ukyplydygyny we Berlin diwarynyň ýumrulmagynda soň öz öňünde goýan bütewi we azat Ýewropany döretmek boýunça missiýasyny dowam etdirmäge taýýardygyny görkezmek isleýär.

Şeýle-de Willson Ukrainanyň Orsýetiň prezidenti Putiniň Ýewraziýa Bileleşigini döretmek boýunça proýektiniň hem wajyp bir bölegi bolup durýandygyny belleýär.

Orsýetiň öňki premýer-ministri, oppozision syýasatçy Boris Nemtsowyň pikirine görä, Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyga gol çeken ýagdaýynda-da, Moskwa Kiýewiň Brýussel bilen ýakynlaşmagyna garşy çykyş etmekden el çekmez.

“Orsýetiň Ukraina garşy söwda sanksiýalaryny girizmegi mümkin. Tebigy gaz meselesiniň nähili boljagyny aýtmak kyn, emma munuň aňsat bolmajagy ikuçsuz. Bu kynçylyklary gutulgysyz başdan geçirmeli bolar” diýip, Nemtsow aýdýar.

Orsýetiň we Ukrainanyň prezidentleriniň ýakynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiren gepleşikleri 3-nji sentýabrda Putiniň Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan bilen geçiren duşuşygyny ýada saldy. Şol gepleşiklerden soň ermeni prezidenti Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük Bileleşigine goşuljakdygyny mälim etdi. Mundan öň Ermenistan Ýewropa Bileleşigi bilen Wilnýusda ylalaşyga gol çekmäge taýýarlygyny bildiripdi.

13-nji noýabrda Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow “Orsýet bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy Ukraina üçin nomer birinji meseledir” diýip nygtady.
XS
SM
MD
LG