Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Otly heläkçiliginde 24 adam öldi


Duşenbe güni Müsürde ýük otlusynyň miniawtobusa we beýleki ulaglara çaknyşmagy netijesinde 24 adam öldi. Kairiň 40 kilometr günortasynda bolan bu wakada başga-da 28 adam ýaralandy.

Maglumatlara görä, wakada ölenleriň we ýaralanlaryň köpüsi Kairdäki toýdan yzyna gaýdyp gelýän maşgalanyň agzalary ekeni.

Müsüriň demir ýol ulgamynyň başlygy Hüssein Zakarianyň aýtmagyna görä, ulaglar otly gelende geçişi petikleýän zynjyrlary we swetoforlary ýok hasaplap, ýoldan geçmäge synanyşypdyrlar.

Mundan bir ýyla golaý wagt ozal hem Kairiň günortasyndaky otly içi mekdep okuwçylaryndan doly awtobus bilen çaknyşypdy. Şol wakada 51 çaga heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG