Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň bosgunlar syýasaty tankytlandy


Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy Eýrandaky owgan bosgunlarynyň hukuk bozulmalary barada raport ýaýratdy.

Gürrüňi edilýän guramanyň çarşenbe güni Kabulda ýaýradan raportynda Eýran “müňlerçe owganystanlyny çynlakaý howply ýurda” yzyna deport etmekde tankyt edilýär.

Şeýle-de, raportda owganystanly bosgunlaryň köpüsiniň eýýäm ençeme ýyl bäri Eýranda ýaşaýandygy, ýöne eýranly resmileriň ýakyn wagtdan bäri olaryň ýurtdan gitmegine basyş edýändigi nygtalýar.

Raportda Owganystandaky ýowuzlyklardan gaçyp ýakynda Eýrana baranlara bosgunluk statusynyň berilmeýändigi hem bellenilýär.
XS
SM
MD
LG