Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Howa zarbasynda bäş adam öldi


Pakistanyň Haýber-Puhtunhwa welaýatynda Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň howa zarbasy diýilip güman edilýän hüjümde azyndan bäş adam öldi.

Ýerli polisiýa ofiseri Farid Hanyň aýtmagyna görä, penşenbe güni ir bilen pilotsyz uçarlar Hangu etrabyndaky medresä azyndan üç raketa atypdyrlar. Şol wakada iki mugallym we üç okuwçy heläk boldy.

Bu dini seminariýa “Hakkany” bileleşigine degişli bolup, ol Hangu etrabynyň demirgazyk-günbataryndaky Tal şäherinde ýerleşýär. Hangu etraby demirgazyk Weziristan, Orakzaý we Kurram tire-taýpa regionlary bilen araçäkleşýär.
XS
SM
MD
LG