Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainalylar hökümete protest bildirýär


Hökümetiň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa şertnamasyna gol çekmegi soňa goýmagyndan nägile bolup, anna güni irden Kiýewiň merkezinde müň çemesi adam proteste çykdy.

Garaşylmadyk ýerden paýtagtyň Garaşsyzlyk skwerine ýygnanan adamlaryň emele getiren sahnasyna birnäçe awtobus howpsuzlyk işgäri hem goşuldy. Oppozisiýa liderleri märekä ýüzlenip, çykyş etdiler.

Prezident Wiktor Ýanukowiçiň hökümeti penşenbe güni özüniň bu ylalaşyklara taýýarlyk prosesini togtatjakdygyny yglan etdi.

Şol gün irden parlament ozalky premýer-ministr, häzir tussagda oturan Ýuliýa Timoşenkonyň daşary ýurtda medisina bejergisini almagyna ygtyýar berjek kanun taslamasyny ret edipdi.

ÝB we ABŞ resmileri Kiýewiň kararyndan lapykeç bolandyklaryny bildirdiler. Olar Ukraina indiki hepde Wilnýusda ÝB-niň Gündogar partnýorlugy şertnamasyna gol çeker öýdüpdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG