Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň Akylowy işden aýryldy


Täjik prezidenti Emomali Rahmon ýurduň uzak wagtlyk premýer-ministri Akyl Akylowy işden aýyrdy.

Şenbe güni çap edilen karara görä, Rahmon Sogd welaýatynyň häkimi Kokhir Rasulzodany Akylowyň ýerine belledi.

Fewralda 70 ýaşy dolýan Akylow bu wezipede 1999-njy ýyldan bäri işleýärdi.

Rahmonyň özi Täjigistana 1992-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär we golaýda ol dördünji möhlet prezidentlige saýlandy. Şondan bäri ol öz hökümetini täzeleýär.

Golaýda ol 18 ýyl goranmak ministri bolan Şerali Haýrullaýewi hem işden boşatdy.
XS
SM
MD
LG