Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Daşary işler ministrleri Ženewa gelýär


Dünýäniň alty döwletiniň daşary işler ministrleri şenbe güni Ženewada duşuşyp, Eýran bilen alnyp barylýan ýadro gepleşiklerinde bir böwsüş gazanmagyň aladasyny edýärler.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ženewa anna güni geldi. Onuň fransiýaly, britaniýaly, germaniýaly, hytaýly we amerikan kärdeşleri hem bu ýere gepleşik üçin gelýändiklerini aýtdylar.

Bu habar ÝB-niň bir diplomaty žurnalistlere ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton bilen Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif anna güni bolan gepleşiklerde düýp meselelerde progres gazandy diýenden soň ýaýrady.

Hytaý mediasy daşary işler ministrligindäki çeşmä salgylanyp, gepleşikleriň jemleýji pursata gelendigini ýazdy.

5+1 döwletler topary Eýrana öz ýadro programmasynyň käbir aspektlerini duruzmagy teklip edýärler, muňa derek Günbatar Eýrana garşy girizilen sanksiýalary bölekleýin ýatyrmagy wada berýär.
XS
SM
MD
LG