Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damask: Çaknyşyklarda 70 adam öldi


Siriýaly aktiwistler ýekşenbe güni Damaskyň gündogarynda hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasynda bolan çaknyşyklarda iki tarapdan 70 gowrak adamyň heläk bolandygyny aýdýarlar.

Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy öten agşam Houta töwereginde hökümet güýçleriniň gabawuny böwüsmek synanyşygynyň edilendigini aýtdy.

Adam hukuklary obserwatoriýasy gozgalaňçylaryň arasynda «Al-kaýda» dahylly jihadçylaryň, hökümet güýçleriniň hatarynda bolsa Liwanyň şaýy hereketi «Hizbollanyň» söweşijileriniň hem bolandygyny habar berdi.

Bu söweş mahalynda azyndan iki sany metbugat aktiwistiniň hem öldürilendigi aýdylýar, olar şol söweşiň gidişinden material taýýarlaýan eken.
XS
SM
MD
LG