Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý ylalaşygyň şertlerini aýdýar


Owgan prezidenti Hamid Karzaý özüniň Birleşen Ştatlar bilen baglaşylmaly howpsuzlyk şertnamasyna gol çekmeginiň şertiniň owgan öýlerine halkara reýdleriniň geçirilmeginiň kesilmeginden we Owganystanda durnukly parahatçylygy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk edilmeginden ybaratdygyny aýtdy.

Karzaý ýekşenbe güni, Loýa jirganyň soňky gününde, ýaşulularyň öňunde çykyp gürledi.

Bu maslahat Birleşen Ştatlara 2014-nji ýyldan soň, NATO goşunlary ýurtdan çykarylanydan soň hem bu ýerde goşun saklamaga ygtyýar berilmegine goldaw bildirdi. Karzaý özüniň bu şertnama gol çekjegini aýtmady.

Karzaý geçen hepde şertnamanyň Owganystanyň indiki prezident saýlawlary geçýänçä garaşyp biljegini aýdypdy. Ol saýlaw 2014-nji ýylyň aprelinde bolmaly.

Emma muňa garamazdan, Loýa jirga başlyklyk ediji lider Sibghatullah Mojaddedi Karzaýyň delagatlardan bu ylalyşyga gol çekmegi soňa goýmagy soramaga haky ýok diýdi.
XS
SM
MD
LG