Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baku: 29 adam terrorçylykda aýyplandy


Azerbaýjanyň agyr jenaýatlar boýunça sudy geçen ýyl Bakuwda geçirlen Ýewrewideniýe aýdym-saz bäsleşigi döwründe terroristik hüjümleri gurnamakda 29 adamy türme tussaglygyna höküm etdi.

Bu toparyň üç agzasy duşenbe güni ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi. Beýlekilere bolsa 9 we 15 ýyl aralygynda ýyl kesildi. Gürrüňi edilýän tussaglar barada sud işi iýul aýynda başlanypdy.

Şu ýylyň başynda azyndan ýedi adam terrorizmde we ýurda dönüklikde sud edilip, 12 we 14 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Derňewçiler toparyň goňşy Eýran bilen ilteşiginiň bardygyny aýdýarlar. Maglumatlara görä, toparyň lideri bäsleşigiň geçirilýän agşamy şübhelileri tussag etmek üçin geçirlen operasiýalar döwründe öldürilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG