Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran: Sanksiýalar ýeňilleşip biler


Fransiýanyň daşary işler ministri Ýewropa Bileleşigi Eýrana girizen sanksiýalarynyň käbirlerini dekabr aýynda aýyryp biler diýdi. Ol muny Eýran bilen dünýäniň alty iri döwletiniň arasyndaky ýadro ylalaşygyň bir bölegi hökmünde düşündirdi.

Laurent Fabius Eýrana girizilen käbir sanksiýalary bölekleýin aýyrmagy ara alyp maslahatlaşmak üçin öňümizdäki birnäçe hepdäniň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň duşuşjakdygyny aýtdy. Ol bu çäräniň dekabr aýynda amala aşmagynyň mümkindigini sözüne goşdy.

Ýekşenbe güni Eýran özüne girizilen sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmeginiň ýerine ýadro programmasynyň käbir bölekleriniň togtadylmagyny kabul etdi. Ženewadaky bu ylalaşyk duşenbe güni nebitiň bahasynyň pese gaçmagyna getirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG