Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Protestçiler we polisiýa çaknyşdy


Ukrainanyň ÝB bilen Assosasiýa yalalşygynyň baglaşylmagyny goldaýan protestçiler Kiýewiň esasy hökümet binasynyň golaýynda polisiýa bilen çaknyşdylar.

Habar gulluklarynyň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän binanyň golaýynda 1 müň töweregi protestçi prezident Wiktor Ýanukowiçiň yzyna dänmegi we şu hepde Ýewropa Bileleşigi bilen söwda hem-de syýasy pakta gol goýmagyna basyş etmek üçin ýygnanypdyr. Duşenbe güni bu binada ýurduň hökümeti ýygnanyşýar.

Wakada protestçiler binany goraýan polisiýa käbir jisimleri zyňdylar we polisiýa hem olara göz ýaşardyjy gazyny ulanyp, gaýtawul berdi.

Kiýew polisiýa departamentiniň berýän maglumatyna görä, protestçiler şäheriň merkezindäki Hrýuşýowskiý köçesinden ulaglaryň geçmegini böwetläpdirler, ýöne soňra olar pyýada ýola tarap geçirilipdir.

Muňa garamazdan, Ukrainanyň premýer-ministri Mikola Azarow öňümizdäki hepdäniň başynda geçiriljek ÝB-Ukraina sammitinde Kiýewiň ÝB bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmagy mümkin diýdi.
XS
SM
MD
LG