Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: ABŞ ylalaşyk boýunça duýdurýar


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Sýuzan Raýs eger-de prezident Hamid Karzaý howpsuzlyk ylalaşygyny baglaşmasa, onda Waşington Owganystandaky ähli günbatar goşunlaryny çykarmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Bu barada Ak tam maglumat berýär.

Karzaý gürrüňi gidýän ylalaşygyň aprel aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryndan soň baglaşylmalydygyny aýdyp, resminama gol goýman gelýär.

Owganystanyň Loýa Jirga geňeşi tarapyndan hem goldanylýan bu ylalaşykda, 2014-nji ýyldan hem soň ABŞ-ly esgerleriň ýurtda galmagyna mümkinçilik döredilýär.
XS
SM
MD
LG