Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada “Mämişi rewolýusiýa” ýene-de gaýtalanarmy?


Protest ýörişi, Kiýew, 26-njy noýabr, 2013
Protest ýörişi, Kiýew, 26-njy noýabr, 2013
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç garaşylmadyk ýagdaýda ýurduň syýasatyny Orsýet tarapa ugrukdyransoň, paýtagt Kiýewde müňlerçe demonstrant ýurt baştutanynyň kararyna protest bildirmek üçin köçä çykdy.

Wakadan bir gün geçendigine garamazdan, adamlarda şeýle sorag döräp başlady, ýagny 2004-nji ýylda Ukrainada bolup geçen “Mämişi rewolýusiýa” ýene-de gaýtalanarmy?

Protest çäreleri

Ukrain hökümeti ÝB bilen söwda hyzmatdaşlygy paktyna goşulmazlyk kararyny alansoň, ýekşenbe güni (24-nji noýabr), paýtagt Kiýewde protestçiler hökümetiň karary bilen ylalaşmaýandyklaryny görkezmek üçin giň gerimli protest çäresini geçirdiler.

Kiýewiň merkezi meýdançasynda geçirilen protest çäresi duşenbe güni, ýagny 25-nji noýabrda hem dowam etdi we sany 1000-e golaýlan protestçiler hökümetiň garaşylmadyk ýagdaýda ýüzüni Orseýete tarap öwürmeginden nägilediklerini bildirdiler.

Protset çäresini gurnaýjylar her gün demonstrasiýalary geçirjekdiklerini aýdýarlar.

Ýekşenbe günki demonstrasiýalara 10 mülerçe ukrainaly gatnaşdy we olaryň käbirleri öz ýanlary bilen çadyrlaryny getiri,p gijäni köçede geçirdiler. Gürrüňi edilýän ählihalk tolgunyşygy “Mämişi rewolýusiýany” biygtyýar ýada salýar. Şonda halk jem bolup, “Günbatar meýilli” hökümetiň ýurt başyna geçmegine ýol açypdy.

Rewolýusion tejribeler

Ukrainada “Mämişi rewolýusiýa” mundan dokuz ýyl ozal bolup geçipdi. 2004-nji ýylda Wiktor Ýuşenko we Ýuliýa Timoşenko tarapyndan ugrukdyrylan protestçiler şol wagtlar geçirilen prezidentlik saýlawlaryna protest bildiripdiler.

Agzalýan prezidentlik saýlawlarynda Wiktor Ýanukowiç ýeňiş gazandy diýlipdi. Saýlawda galplyk boldy diýip, köp sanly ukrainaly “Ýanukowiç ýeňdi” diýlen saýlawlaryň garşysyna protest geçirdiler. Şeýlelikde ýurtda prezidentlik saýlawlary täzeden geçirilipdi. Ikinji saýlawda Ýuşenko ýeňiş gazandy we prezidentlik kürsüsini eýeledi. Ol 2010-njy ýyla çenli Ukrainanyň prezidenti wezipesinde işledi. 2010-njy ýylda geçirilen saýlawlarda bolsa Ýanukowiç ýeňiş gazandy.

Her niçik hem bolsa, analitikleriň aýtmaklaryna görä, indi Ukrainada “Mämişi rewolýusiýa” gaýtalanmaz.

Ukrainaly žurnalist Nataliýa Lihaçowa bu meselede şeýle diýýär: “Häzirki ýagdaýda “Mämişi rewolýusiýa” täzeden gaýtalanmaz. Sebäbi halky yzyna düşürip, adamlary birnäçe günläp ýa-da hepdeläp köçede saklap biljek syýasatçy ýok. Öňki syýasatçylar, ýagny syýasatçylaryň ýaşuly nesli, Ukrainany öňe älyp gidip bilmez. Ýurtda Witaliý Kliçkodyr Ýuliýa Timoşenkodan başga “meniňki bolsun” diýer ýaly syýasy şahsyýet ýok, ýa-da gaty az. Indi Ýuliýa Timoşenko-da uzak wagtlap syýasy göreşe gatnaşyp bilmez”.

Häzirki wagtda dowam edýän demonstrasiýalarda ”Mämişi rewolýusiýadan” tapawutlylykda iki sany aýry topar çärelere işjeň gatnaşýarlar. Olaryň biri bitarap graždan aktiwistlerinden ybarat bolan “Basyp al” hereketi, beýlekisi bolsa dürli partiýalaryň tarapdarlaryndan ybarat bolan protestçiler köpçüligi. Ikinji topar, hususan-da, Kiýewiň merkezi meýdançasynda agdyklyk edýär. Biziň gürrüňini edýän aýry-aýry toparlarymyz telewizion kanallaryň habarlarynda kän bir göze ilenok.

"Ählihalk hereketi däl"

Ýekşenbe güni öz afişalaryny gysga wagtyň içinde hemme ýere asyp ýetişen “syýasy partiýalylar” köp sanly ukrainalynyň protest çäresine gatnaşmak höwesini gaçyrdy.

Werhownaýa Radanyň söz azatlyklary boýunça toparynyň başlygy, şol sanda ”Mämişi rewolýusiýany” gurnaýjylardan Mikola Tomenko bu günki gün geçirilýän protest çäreleriniň ählihalk hereketi däldigini aýdýar.

Ol mundan dokuz ýyl ozal “galp geçirildi” diýlen prezidentlik saýlawlarynyň garşysyna protest bildirmek üçin adamlaryň ýurduň çar künjeginden paýtagta gelşi barada gürrüň berýär: “Protestler haýsydyr bir partiýanyň ýa-da oppozisiýaçy toparyň goldamagynda belli bir wagt dowam edip biler ýöne bu soňlugy bilen umumyhalk protestine öwrülip bilmez. Häzirki ýagdaýda göze ilýän esasy tapawutlylyk protest çäresiniň geriminiň darlygydyr. Şeýle-de dürli regionlardan we dürli sosial toparlardan az sanly adam demonstrasiýalara gatnaşýar”.

Geçirilen pikir soralyşyklaryň netijesine görä, Ukrainanyň ÝB bilen integrasiýasyny köp adam goldaýar, ýöne “köpüň dilegi” ýagdaýa öz täsirini ýetirip bilenok.

Syýasy şertler

2004-nji ýylda bolup geçen “Mämişi rewolýusiýanyň” yz ýany bilen syýasy durnuksyzlygy başdan geçiren Ukraina häzirki wagtda “düýpli syýasy reformalara” taýýar däl.

Geçen hepde syýasatda U öwrümini amala aşyran Ýanukowiç ne protestçiler barada dil ýarýar, ne-de noýabr aýynyň 28-29-na Wilnýusda geçiriljek 3-nji Gündogar Partnýorçylyk sammitinie gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada. Agzalýan sammitde onuň ÝB paktyna gol çekmegine garaşylýardy.

Ol dymsa-da, onuň premýer-ministri Mikola Azarow ýurtda geçiriljek ikinji ”Mämişi rewolýusiýa” hökümetiň eglişik etmejekdigini çürt-kesik aýtdy.

Ol Orsýetiň Birinji kanalynda çykyş edip, şeýle diýdi: “Mysal üçin, biz bular ýaly wakalara keseden maddy kömek edilýändigini bilýäris. Eger geçirilýän çäreler kanuny çarçuwada alnyp barylýan bolsa, biz muňa razy. Ýöne, eger-de kanun bozmalara ýol berilse, çäkden çyksalar, elbetde, hökümet 2004-nji ýyldaky ýaly hereket etmez, has ýiti garşylyk görkezer. Ol wagtlar biziň gözümiziň öňünde kanuny hökümeti agdarypdylar. Ýöne bu sapar biz gapyl galmarys”.

XS
SM
MD
LG