Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azarow: Kiýew ÝB-e entegem gyzyklanma bildirýär


Ukrainanyň premýer-ministri Mykola Azarow
Ukrainanyň premýer-ministri Mykola Azarow
Ukrainanyň premýer-ministri Mykola Azarow Ýewropa Bileleşigi bilen assosirlenen ylalaşygy baglaşmak boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi. Mundan öň ukrain hökümeti şu hepdäniň aýagynda Wilnýusda geçjek sammitde gürrüňi gidýän ylalaşyga gol goýmajakdygyny yglan edipdi.

Azarow hökümetde çykyş edip, Ukrainanyň Russiýa bilen aradaky söwda şertleri boýunça tapawutlary aradan aýrandan soň, Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklary gurmaga meýillidigini aýtdy. Ýöne bu ugurda hiç hili anyk sene agzalmady.

Bu aralykda Kiýewiň hökümet edarasynyň daşynda demonstrantlar indi dördünji gün protest geçirýärler. Bu ýere ýygnanan adamlar prezident Wiktor Ýanukowiçiň ugruny üýtgedip, Ylalaşyga gol goýmagyny talap edýärler.

Protestçiler

Protest çäresine gelen pensioner Alina Lysenkonyň aýtmgyna görä, Azarowyň hökümeti sebäpli ýurtda ýönekeý adamlara ýaşarlyk ýagdaý galmandyr: “Men hökümetde ýaramaz adamlaryň bardygy sebäpli şu ýere geldim. Biziň pensiýamyz müň griwen ($120). Bu bize ýeterlik däl. Şol sebäpli hem biz protesti goldaýarys”.

Protestçileriň başga biri, Witaliý Sergenko ÝB bilen ylalaşygyň baglaşylmagy üçin hökümete basyşyň artdyrylmalydygyny aýdýar: “Adamlar Ukrainanyň şu jenaýatçy we hilegär hökümetine garşy parahatçylykly ýol bilen basyş edýärler. Bu hökümet ÝB-ä agza boljakdygyny aýdyp, geçen ýyl bize ýalan sözläpdi. Adamlar olara ynanypdy, umyt baglapdy. Netijede bolsa olar Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmakdan ýüz öwürdiler. Diýmek, olar biz, ukrain halky, barada birjigem alada edenoklar”.

Kiýewde ÝB-niň tarapynda çykyş edýän protestçiler merkezi Garaşsyzlyk meýdançasynda toplanmak üçin özleriniň beýleki iki meýdandaky çadyrlaryny sökdüler.

Protestler ýurduň beýleki künjeklerinde hem dowam edýär. Sişenbe güni günbatar Lwow şäherinde 20 müňe golaý adam ýöriş geçirdi.

Timoşenko

Bu aralykda ýurduň ozalky premýer-ministri, tussaglykdaky Ýuliýa Timoşenko protestleri goldap, açlyk yglan etdi.

Timoşenkonyň gyzy Ýewgeniýanyň sözlerine görä, onuň ejesi soňky iki gün bäri diňe suw içip, gün görýär.

Kiýew gepleşiklerdäki şowsuzlygy ÝB-niň resmileriniň üstüne atýar. Ukrain resmileri ÝB-niň Russiýa bilen kesiljek söwda gatnaşyklary netijesinde çekiljek zyýanyň öwezini ýeterlik derejede dolmaýandygyny aýdýarlar.

Sişenbe güni prezident Ýanukowiç ÝB-niň hödürleýän teklipleriniň Ukraina üçin amatsyzdygyny aýtdy. Ol ÝB-niň hemaýat hökmünde 829 million dollar hödür edendigini, emma ýewropa standartlaryna ýetmek üçin ýurda her ýylda 20 milliard dollaryň gerek boljakdygyny aýtdy.

Mundan öň Brýussel Moskwany Ukrainanyň Ylalaşykdan boýun gaçyrmagyny gazanmak üçin basyş edýänlikde aýyplady.

Kreml bu aýyplamany inkär edýär.
XS
SM
MD
LG