Türkmenistanyň ugradan gumanitar kömegi penşenbe güni Owganystana baryp gowuşdy. Gumanitar kömegi gowşurmak üçin ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar hem geldi.
Türkmen hökümetiniň ugradan ýardamlarynyň arasynda çagalaryň okuw esbaplary, süýji-köke, egin-eşik, mal üçin iýim ýaly önümler hem bar.
Hajyýew Türkmenistanyň ynsanperwer kömegini Jouzjan welaýatynda geçirilen dabarada welaýat resmilerine, şeýle-de owgan türkmenleriniň wekillerine gowşurdy.
Wepa Hajyýewiň sözlerine görä, Türkmenistandan Owganystana 2008-nji ýyldan bäri gumanitar kömek ugradylýar.

Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!