Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda 30 adam öldürildi


Yrakda penşenbe güni bolan tapgyrlaýyn partlamalarda azyndan 30 adam öldürildi.

Iň ganly hüjüm Hillada, Bagdatdan 100 km günortada gurnaldy.

Bu ýerde iki sany maşynda, aýry-aýrylykda ýarylan bombalar iki sany açyk bazary we dükanlar hataryny nyşana alyp, azyndan 9 adamy öldürdi.

Häkimiýetler ähli partlamalaryň bäş minut wagt içinde bolup geçendigini aýtdylar.

Najaf şäherinde ýarylan ulag bombasy 7 adamy, Suwaýrada partlan maşyn 5 adamy öldürdi. Samarrada we Tamiýada bolsa 9 adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG