Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý: 'Daşlap öldürmek dikeldilmez'


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý öz hökümetiniň biwepalyk üçin daşlap öldürmek jezasyny bermegi dikeltmejegini aýdýar.

Karzaýyň bu barada aýdan sözleri Azatlyk radiosynyň owgan gullugy tarapyndan sitirlendi. «Bu dogry däl, Adalat ministrligi muny ret etdi" diýip, Karzaý aýdypdyr.

Daşlap öldürmek jezasy yslamçy «Talyban» režimi tarapyndan, 1990-njy ýyllaryň ortasyndan 2001-nji ýylyň aýagyna, ýagny ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Owganystana goşun salynmagyna çenli ulanylypdy.

Şu hepdäniň başynda Hýuman raýts wotç guramasy Owganystany daşlap öldürmegi dikeltmezlige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG