Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýhanyň durmuşy: Kanunlar we hakykat


Lebap, pagta vygvan cagalar. 25-nji awgust, 2013.
Lebap, pagta vygvan cagalar. 25-nji awgust, 2013.
Türkmenistanda «Daýhan hojalygy hakynda» täze kanun güýje girdi. Bu kanun daýhanlar barada ozal kabul edilen iki kanunyň güýjüni ýatyrýar.

Şol bir wagtda ýurtda daýhanlar üçin ähli şertiň döredilendigi, gowaça, galla ekip, başga ekinleri ýetişdirip, mal saklap, uly girdeji almaga, obalarda bol-elin ýaşamaga ähli mümkinçiligiň döredilendigi aýdylýar.

Ikinji tarapdan, golaýda Balkan welaýatynda gowaça ekmegiň o diýen netijeli bolmandygy ençeme ýylyň kösençliginden soň, hökümet derejesinde tassyk edildi.

Ýerleriň şorlamagy, suwuň bisarpa tutulmagy, daýhanlaryň o diýen gurplanyp bilmezligi saklanyp galýar; obalarda ýetişen ýaşlaryň müňlerçesiniň işsizlikden, ýeterlik gazanç gözläp, şäherlere, daşary ýurtlara köp gidýändigi eşidilýär.

Mundan başga, indiki ýylyň döwlet býujetinde etrap, oba ýerlerindäki sosial-durmuş meselelerine köpräk serişde goýbermegiň zerurdygy prezident derejesinde boýun alynýar.

Eýsem ýurtdaky kanunlar daýhanyň durmuşynda nähili rol oýnaýar, bu meselede resmi metbugatda agzalmaýan, Balkan welaýaty bilen bagly mysaldaky ýaly ençeme ýyllardan soň boýun alynjak nähili hakykat bar?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Pikirleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG