Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýanukowiç Ukrainany ÝB-ä golaýlatjak diýýär


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç özüniň ýurdy Ýewropa Bileleşigine tarap ýakynlaşdyrjagyny aýdýar.

Ýanukowiç ýekşenbe güni ýaýradan beýanatynda özüniň Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine golaýlamak prosesini çaltlandyrmak üçin elde baryny etjekdigini aýtdy.

Onuň hökümeti ÝB-niň anna güni Wilnýusda tamamlanan Gündogar hyzmatdaşlygy sammitinde Ýewropa Bileleşigi bilen azat söwda şertnamasyna gol çekmek prosesini togtadaly bäri gündelik protestler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Şu aralykda, oppozisiýa liderleri köpçülikleýin protestlere çagyrandan soň, Ukrainada has kän demonstrasiýa garaşylýar.

Protestçiler täze saýlawlaryň geçirilmegini we Ýanukowiçiň jogapkärçilige çekilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG