Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Prezident binasynyň ýanynda çaknyşyk boldy


Ýekşenbe güni Kiýewde hökümetiň ÝEB bilen assosiasiýa şertnamasyny baglaşmagy togtatmagyna garşy guralan protest ýörişiniň dowamynda, prezident binasynyň ýanynda demonstrasiýaçylar bilen polisiýanyň arasynda gysga çaknyşyk boldy.

Polisiýanyň ol ýerde Garaşsyzlyk meýdanyndaky demonstrasiýadan bölünip gelen märekäni dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulanandygy aýdylýar.

Ol ýere bir toparyň traktorly gelip, binalaryň töweregindäki barrikadalaryň üstünden sürmäge çalşandygy hem habar berilýär.

Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugynyň maglumatyna görä, protestçiler taraktory duruzdylar.

Garaşsyzlyk meýdançasynda 100 müň çemesi adam öz demonstrasiýalaryny dowam etdirýär.

Olar prezident Wiktor Ýanukowiçiň işden çekilmegine çagyrýarlar. Polisiýa şenbe güni hut şu ýere ýygnanan adamlary güýç bilen dargadypdy.

Ukrainanyň beýleki şäherlerinde hem protestler geçirilýär.
XS
SM
MD
LG