Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Oppozisiýa häkimligiň binasyny eýeledi


Ukrain protestçileri, Kiýew, 1-nji dekabr, 2013.
Ukrain protestçileri, Kiýew, 1-nji dekabr, 2013.
Ukrainanyň oppozisiýadaky Swoboda (Azatlyk) partiýasynyň lideri öz partiýasynyň agzalarynyň, hökümetiň ÝB bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmegi togtatmak kararyna garşy ýekşenbe güni hem dowam edýän protestleriň çäginde, Kiýewiň şäher häkiminiň edarasyny eýeländiklerini aýdýar.

Kiýewdäki protestçileriň sany 100 müňden aşyp, Garaşsyzlyk meýdançasyndan şäher merkeziniň beýleki ýerlerine hem ýaýrap, demonstrantlar bilen protestçileriň arasynda çaknyşyklar hem boldy.

Protestçiler Kiýewiň dürli ýerlerinden prezidenti we hökümeti iş başyndan çekilmäge hem-de irki saýlawlaryň geçirilmegine çagyrýarlar.

«Azatlyk» partiýasynyň lideri Oleh Tiahnibok Garaşsyzlyk meýdançasynda onlarça müň protestçä ýüzlenip çykyş edende, öz partiýasynyň agzalarynyň Kiýew şäheriniň adminstratiw binasyny eýeländiklerini hem sözüne goşdy.

"Biz wandallar däl"

«Azatlyk» partiýasynyň agzasy Ýuriý Lewçenko hem märekäniň öňünde çykyş etdi:

"Biz bu işi biraz ýylynmak, hajathanany ulanmak we biraz dynç almak üçin etdik. Biz wandallar däl. Girelge zalyndan we birinji gatdaky koridorlardan başga, biz ol ýerde hiç ýere girmeýäris."

Kiýew protestleri
Kiýew protestleri

Tiahnibok öz çykyşynda bütin ýurt boýunça iş taşlaýyşa çagyrdy we meýdançadaky demonstrasiýaçylardan öz talaplary ýerine ýetirilýänçe hiç ýere gitmezligi sorady.

Ozalky içeri işler ministri, indi oppozisiýadaky “Üçünji Ukraina respublikasynyň” başlygy Ýuriý Lýutsenko mähellä elini salgap: «Bu eýýäm bir ýygnak ýa-da hereket däl. Bu bir rewolýusiýa» diýdi.

Agyr agramda boks çempiony bolan we «Udar» partiýasynyň lideri Witiliý Kliçko hem mähellä ýüzlenip çykyş etdi we olaryň hiç bir prowakasiýa aldanmazlygyny haýyş etdi.

Oppozisiýa öz aralaryna sümüp, zorlukly hereketlere başlajak bolýan toparlaryň bardygyny aýdýar.

Demonstrantlar bilen polisiýa prezident binasynyň ýanynda gysga wagtlyk çaknyşdylar.

Buldozerli synanyşyk

Protestçiler barrikadany buldozerli böwüsmäge synanýar. 1-nji dekabr, 2013.
Protestçiler barrikadany buldozerli böwüsmäge synanýar. 1-nji dekabr, 2013.
Bir toparyň bu ýere buldozerli gelip, binalaryň töweregindäki barrikadalaryň üstünden sürmekçi bolandygy barada hem habarlar bar. Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugynyň maglumatyna görä, protestçiler ol traktory togtadypdyrlar.

Hromadske.tv prezident binasynyň ýanyndaky protesti göni efirde alyp görkezýärdi we ol buldozeri hem polisiýanyň barrikadasynyň golaýyndaky demonstrasiýaçylary, protestçileri nyşana alyp zyňylýan gulak gapyjy granatlary, pürkülýän göz ýaşardyjy gazlary görkezdi.

Gapma-garşylyk garaňky gatlyşýança dowam etdi.

Orsýetiň ITAR-TASS habar gullugy demonstrasiýaçylaryň bir toparynyň Kiýewdäki Profsoýuzlar öýüni ele geçirendiklerini habar berdi.

Ýekşenbe güni Ukrainanyň beýleki şäherlerinde hem protestleriň bolandygy habar berildi.

Ukraina, Lutsk protestleri, 1-nji dekabr, 2013.
Ukraina, Lutsk protestleri, 1-nji dekabr, 2013.

Ukrainynyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň ýurduň howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, içeri işler ministri, Kiýew şäher adminstarsiýasynyň başlygy we beýleki resmiler bilen Kiýewiň daşyndaky jaýynda gyssagly duşuşyk geçirendigi aýdylýar.

Demonstrantlar hökümetiň Ýewropa Bileleşigi bilen gol çekilmeli şertnamany togtatmak baradaky karary sebäpli gazaba çykdylar. Bu şertnama Ukrainanyň Ýewropa bilen gatnaşyklaryny güýçlendirjekdi. Hökümet bu karara Orsýet bilen gowy gatnaşykda bolmak üçin gelendir diýip hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG