Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB Bosniýa bilen gepleşik geçirdi


Ýewropa Bileleşiginiň ýaýbaňlanmak boýunça komissary Ştefan Fuele Bosniýanyň Ýewropa bilen ýakynlaşmagyna päsgel berýän esasy meseleleri çözmek boýunça bu ýurduň liderleri bilen geçirilen gepleşiklerde käbir «pozitiw netijeleriň» gazanylandygyny habar berdi.

Sişenbe güni Pragada tamamlanan bu gepleşikler Bosniýanyň we Gersegowinanyň saýlaw sistemasyna üýtgetmeleri girizmek boýunça ylalaşyga gönükdirilipdi. Üýtgetmeler 2009-njy ýylda Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy tarapyndan çykarylan kararlara esaslanýar. Bu karara ýewreý aktiwistiniň şikaýaty boýunça gozgalan işiň netijesinde gelinipdi we Bosniýanyň ähli raýatlaryň milletine garamazdan islendik wezipelere saýlanmak hukugyny berjaý etmelidigi aýdylypdy.

Bosniýanyň konstitusiýasynda aýdylyşyna görä, 1992-1995-nji ýyllarda bolan urşuň netijesinde baglaşylan Deýton ylalaşyklarynyň esasynda Bosniýada saýlanýan wezipeleriň käbirlerine diňe horwatlar, bosniýler ýa-da serbler saýlanyp bilýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG