Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz häkimi wezipesinden çekildi


Gyrgyzystanyň Bişkek şäher häkimi Isa Omurkulow wezipesinden çekildi. Omurkulowyň bu ädimi oňa garşy wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanýandygy hakynda derňew işleri başladylandan iki gün soň amala aşdy.

Omurkulow çarşenbe güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda wezipeden çekilmeginiň özüne garşy gozgalan derňewler bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy. Ýöne ol näme sebäpden wezipeden çekilýändigi barada goşmaça maglumat bermedi.

Duşenbe güni Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy Omurkulowyň we onuň käbir kärdeşleriniň Bişkegiň merkezindäki Ýeňiş seýilgähiniň araçäklerini gaýtadan kesgitlemekde güman edilýändigini yglan edipdi.

Şeýle-de, gürrüňi gidýän gyrgyz resmileri seýilgähiň meýdançasynda täze binalaryň artmagyna rugsat bermekde we 2002-2010-njy ýyllar aralygynda bikanun gurluşyklary amala aşyrmakda güman edilýärler.

Ýurduň Baş prokuraturasynyň metbugat wekili Ulugbek Sultanowyň duşenbe güni žurnalistlere beren maglumatyna görä, Omurkulow günäli tapylan halatynda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip bilner.
XS
SM
MD
LG