Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow NATO-ny tankytlaýar


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainadaky syýasy krizise daşardan goşulyşmazlyga çagyryş etdi.

Lawrow çarşenbe güni Brýusselde NATO-nyň daşary işler ministrleri bilen geçirlen ýygnakdan soň, NATO-nyň Ukrainanyň hökümetini protestçilere garşy hetdenaşa güýç ulanmakda ýazgarmagy näme üçin wajyp hasaplaýandygyna düşünmeýändigini aýtdy.

Ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosasiýa ylalaşygyna gol goýmagy ret etmegi bilen, soňky hepdäniň dowamynda Kiýew şäherinde we beýleki regionlarda giň göwrümli protestler geçirildi.

Şeýle-de, çarşenbe güni Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Ýuriý Boýko bilen Moskwada duşuşdy. Medwedew duşuşykda Russiýa Ukrainada “durnuklylygyň we tertip-düzgüniň” höküm sürmegini isleýär diýdi.

Kiýewde bolsa premýer-ministr Mikola Azarow ýurtda syýasy dartgynlylygy möwjetmegi bes etmegi üçin oppozisiýa duýduryş berdi.
XS
SM
MD
LG