Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen: Hüjümlerde 20 adam öldi


Ýemeniň Goranmak ministrligine edilen hüjümleriň netijesinde azyndan 20 adam öldi we başga-da 37-si ýaralandy. Bu barada ýurduň resmileri habar berýär.

Ulagly hüjümçiler ikinji awtoulagyň ministrligiň binasyna girmegine ýol açmak üçin ilki bir awtoulag bilen gürrüňi edilýän komplekse hüjüm etdiler.

Ministrligiň websahypasynda berilýän maglumata görä, hüjümde kompleksiň içindäki keselhana nyşana alnypdyr. Oňa birinji ulagly bomba hüjüminde uly zeper ýetipdir.

Şeýle-de, beýanatda ýaragly adamlar bilen ýurduň goşunynyň arasynda bolan ok atyşykdan soň, kompleksiň kontrollygynyň gaýtadan ele salynandygy aýdylýar.

Beýanatda söweşijileriň “aglabasynyň” öldürilendigi mälim edildi. Emma olaryň umumy sany barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG