Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz häkimi işinden boşadyldy


Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň häkimi wezipesinden çetleşdirildi. Gyrgyz premýer-ministri Jantoro Satybaldiýewiň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, Melis Myrzakmatowyň wezipesinden çetleşdirilýändigi baradaky karara penşenbe güni gol goýlupdyr.

Myrzakmatow Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýew bilen ilteşigi bolan ýeke täk ýokary derejeli gyrgyz resmisidi.

Gyrgyzystanyň hökümeti uzak wagtdan bäri Myrzakmatowy wezipesinden aýyrmaga synanyşýardy. Tankytçylar Myrzakmatowy 2010-njy ýylda ýurduň Oş regionynda etniki gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda bolan çaknyşyklaryň öňüni almaga ýeterlikli çäre görmedi diýip aýyplaýarlar.

Şol çaknyşyklarda 400-den gowrak adam ölüpdi we ýene-de müňlerçesi başga ýerlere göçmeli bolupdy.
XS
SM
MD
LG