Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Westerwelle protestçiler bilen duşuşdy


Germaniýanyň daşary işler ministri Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosasiýa ylalaşygyna gol goýmagynyň tarapdary protestçiler bilen duşuşdy.

Demonstrantlary görmäge Gido Westerwelle bilen ukrainaly oppozision lider we boks boýunça çempion Witaliý Kliçko hem bardy.

Westerwelle geçen hepde ukrain hökümeti Ýewropa Bileleşigi bilen Assosasiýa ylalaşygyna gol goýmasa-da, Bileleşigiň gapylary Kiýew üçin açyklygyna galýar diýdi.

Ukrain hökümetiniň gürrüňi edilýän ylalaşyga gol goýmazlygy ýurtda 2004-nji ýyldaky “Mämişi rewolýusiýasyndan” soň iň uly köpçülikleýin protestleriň döremegine sebäp boldy.

Protestler baradaky özgerişikleriň ýene biri bolsa, Ukrainanyň öňki üç prezidenti protestçilere goldawlaryny mälim etdiler.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainadaky syýasy krizise daşardan goşulyşmazlyga çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG