Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orta Aziýadan Siriýa barýan jyhad ýoly


Yslamçy söweşijiler, Siriýa, 28-nji noýabr, 2013
Yslamçy söweşijiler, Siriýa, 28-nji noýabr, 2013

Siriýa soňky döwürde jyhadçylaryň mesgenine öwrüldi. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçylary Orta Aziýaly söweşijileriň Siriýadaky işjeňligi barada maglumat taýýarlady.

Geçen tomusda iň soňky sapar ogly bilen telefonda gepleşeli bäri Mähribanyň ene ýüregi takat tapanok.

Onuň ogly 2011-nji ýylda özi ýaly bäş sany dosty bilen gündogar Gyrgyzystanda ýerleşýän Suzak obasyny taşlap, Moskwa migrant işçi hökmünde giden gününden soň Mähriban ogluny görenok.

Siriýa giden ogullar

Ýöne, ynha, olar soňky sapar jaňlaşanlarynda welin, Mähriban öz oglunyň Orsýetden Siriýa geçip, ol ýerde "Al-Kaýda” goşulandygyna we prezident Başar al-Assadyň režimine garşy söweşýändigine düşünip galdy.

“Ol bir aýdan soň biraz pul iberipdi. Şondan soňam ýitirim boldy. Iň soňky sapar ol bäş aý mundan ozal jaň edipdi. Gelen jaňyň telefon belgisi gaty uzyndy. Biz yzyna aýlap, jaň edip, gepleşjek bolanymyzda telefona hiç kim jogap bermedi. Şondan soň biz polisiýa işgärlerine, howpsuzlyk gulluklaryna kömek sorap ýüz tutduk. Bize haýsy nomerden jaň gelendigini howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine aýtdyk. Oglum maňa şonda: “Men hökman yzyma dolanaryn” diýipdi. Bar bolan zat şu.”

Beýleki oglanlaryň ene-atalary hem özlerine Siriýadan jaň gelensoň, Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetine ýüz tutup, kömek soradylar. Olar häzir öz ogullarynyň nirededigini bilmeýärler. Ýöne, ynha, olaryň ýüregindäki gorky welin, ene-atalary çökerip barýar. Ene-atalar öz çagalarynyň Gyrgyzystanyň kiçijik obasyndan Siriýa çenli nädip baryp ýetişileri bilenem gyzyklanýarlar.

Rekrut ýoly

Gyrgyz häkimiýetleriniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren gürrüňlerinden çen tutsaň, Moskwa baran alty sany gyrgyz ýigidini ors dilinde gepleýän salafist jyhadçylar öz toparlaryna alypdyrlar we soňra bolsa olary Türkiýäniň üsti bilen Siriýa ugradypdyrlar.

Rekruterleriň Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynda ýerleşýändikleri çak edilýär.

Olar ”Al-Kaýdanyň” halkara jyhadçy toparlaryna degişli bolup, öz toparlarynyň üsti bilen Siriýada hereket edýän goşunlarynyň düzümine goşmak üçin adam toplaýarlar.

Olaryň hataryna goşulýan adamlar diňe bir Orta Aziýadan däl, eýsem dünýäniň çar künjeginden gelýän jyhadçylar. Olar agzalýan topar tarapyndan işe alnyp, soňra "Al-Kaýda" goşulýarlar.

Rand Korporasiýasynyň ýokary derejeli geňeşçisi Maýkl Jenkinsiň noýabr aýynda Birleşen Ştatlaryň Kongresinde eden çykyşynda häzirki wagtda 6000-den 8000-e çenli sandaky daşary ýurtly gozgalaňçylaryň Siriýada söweşe gatnaşýandygyny aýtdy.

Jenkins söweşijileriň esasy böleginiň arap ýurtlaryndandygyny, Demirgazyk Afirkadan we Ýewropadan hem ep-esli ýaragly gozgalaňçylaryň Siriýadaky söweşe gatnaşýandygyny aýtdy.

“Al-Kaýda” bilen ilteşikli diýlip şahsyýeti anyklanan adamlaryň maglumatlaryndan çen tutsaň, olara edilýän pul kömekleri pars aýlagynda ýaşaýan käbir baýlaryň hususy pul serişdelerinden gelýäne çalymdaş”.

Salafi jyhadçylary bilen gatnaşyk

Siriýada söweşýän orta aziýalylaryň sany beýlekiler bilen deňeşdireniňde has az. Ýöne 2013-nji ýylda "Al-Kaýdanyň" düzümindäki salafi jyhadçylara, ýagny Jabhat al-Nusra toparyna goşulan orta aziýalylaryň sany artdy. Olaryň radikallaşdyrylyp, topara berkidiliş usuly örän çylşyrymly hem garaňky.

Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň howpsuzlyk işgärleriniň aýtmaklaryna görä, olaryň mobilizlenmegi prosesi örän kiçi salafit toparlarynda başlanýar. Bu toparlar öz ýurdundan nägile bolan işsiz adamlary özlerine çekýärler.

Orsýet we Orta Aziýa häkimiýetleri bu mesele boýunça arz-şikaýatlaryny her kime mälim bolan käbir salafit toparlaryna, hususan-da "Hizb ut-Tahrir" we "Tablik-i Jamaat" ýaly toparlara gönükdirýärler. Ýöne agzalýan toparlar özleriniň sünni jyhadçylar bilen ilteşiginiň ýokdugyny aç-açan aýdýarlar.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Jamestown Fondation” edarasynyň terrorçylyk ugrundan eksperti Ýakob Zenn salafist toparlaryň "Al-Kaýda" bilen ilteşikli hasaplanmagyny makullamaýar. Ol bu barada şeýle diýýär: “Hizb ut-Tahrir” toparynyň özeninde ýykgynçylyk ýok. Hökümetler olary bulagaýçylykda aýyplaýan hem bolsalar, men ”Hizb ut-Tahrir” topary bilen ilteşikli örän az sanly ýykgynçylykly hereketlere şaýat boldum.”

Birleşen Ştatlaryň Kongresinde ýagdaýa güwä geçen Zenn Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde salafist ideologiýasynyň radikal jyhadçylardan tapawutlanýandygyny aýtdy. Ýöne ”Al-Kaýdanyň” hataryna goşulýanlar “radikallaşdyrylyş prosesine” ilkinji ädimi ilkibaşda salafist idelogiýasyny kabul etmek bilen ädýärler.

“Häzirki wagtda jyhadçylaryň esasy meýli salafist ideologiýasyny kabul eden adamlary öz taraplaryna çekmeklik. Jyhadçylar salafistleri özlerine çekip, soň hem ideologiýalaryny tutuş dünýä ýaýmaga çagyrýarlar. Eger-de sizde ”Hizb ut-Tahrir” ýa-da "Tablik-i Jamaat" ýaly salafit ideologiýany kabul eden toparlar bar bolsa, onda olardan adam çekmek jyhadçylar üçin has amatly bolýar, sebäbi agzalýan topardaky adamlar ýykgynçylykly işleri alyp barmaga has ýakyn.”

Terrorçylyk boýunça ekspert Zeniň aýtmagyna görä, häzirki wagtlarda salafist ideologiýasy gündogar Gyrgyzystan ýaly ýerlere aralaşyp başlady. Orta Aziýaly jyhadçylar haçan-da Türkiýe, Owganystan, Pakistan, sünnileriň agdyklyk edýän käbir arap ýurtlary we hatda Orsýet ýaly ýurtlara baransoňlar, degişli toparlara goşulyp, has hem radkillaşýarlar.

Kamataýew öz ogly barada

Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän Žetisaý şäheriniň ýaşaýjysy Orunbasar Kamataýew hem ogly Nurlanyň şeýle ýagdaýlary başdan geçirendigini aýdýar: "Ol oktaýbr aýynda mediada peýda bolan wideoda öz ogluny görüp, huk bolandygyny aýdýar. Bu wideony "Al-Kaýdanyň" "Yrak we Lewant yslam döwleti" diýip atlandyrýan ýeri bolan Siriýanyň çägindäki gazak jyhadçylary düşürip, internetde ýerleşdiripdi.

Kamataýew öz oglunyň ozallar onçakly dindar bolmandygyny aýdýar. Kakasynyň aýtmagyna görä, onuň ogly Nurlan ozallar Almatyda bir gurluşyk firmasynda işleýän ekeni. Ýöne haçan-da firma bergä batyp, bankrot bolanynda Nurlan Gazagystanda hasaba alynmadyk bir salafist toparyna goşulypdyr.

Kamataýew bu barada şeýle gürrüň berýär: “Onuň özüni alyp barşy iki-üç aýyň içinde üýtgedi. Ýalňyşmasam, ol 2012-nji ýylda namaz okap başlady. Ol gije-gündiz elinden düşürmän Gurhan okap başlady. Men oňa biraz käýedim: “Näme üçin bes etmeýäň? Isleseň, doga-dileg ediber, ýöne şony gije-gündiz dyngsyz etmek hökmanmy? Sen molla boljak bolýaňmy?” diýdim. Ol şonda özüniň şowsuzlyga uçrandygyny we şondan soň Hudaýa ynanyp başlandygyny aýtdy. Şondan bäri ol meniň bilen gepleşmegini bes etdi we kem-kemden biziň bilen arany doly üzdi.”

Kamataýew ogly Nurlanyň ýurtdan çykyp gidişi barada gürrüň berýär. Ol aýalyny we üç çagasynam alyp, Orta Gündogara işlemäge gidipdir. Gazagystandaky salafist toparlar hem onuň aňyrda iş tapmagyna kömek edipdirler. Ýöne wakadan köp wagt geçmänkä Kamataýewiň agtyklary Siriýadaky "Al-Kaýdanyň" düşüren wideosynda atalarynyň gözüne ilýär.

Başga-da köp sanly gazak jyhadçylarynyň dogan-garyndaşlary Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna şuňa meňzeş wakalary gürrüň berýärler.

”Al-Kaýdanyň” hataryna goşulan gazak jyhadçylarynyň hemmesi dogan-garyndaşlaryna özleriniň ýa Türkiýä, ýa Saud Arabystanyna ýa-da Katara işlemäge, ýa-da din öwrenmäge barýandygyny aýdyp, ýurtdan çykyp gidipdirler. Ýöne Gazagystandan çykansoňlar, olar has hem radikallaşypdyrlar.

Özbegistanly Rawşanyň başdan geçirenleri

"Özbegistanyň yslam hereketine” (ÖYM) degişli salafistleriň Siriýa gidişi biraz başgaçarak.

Rawşan 2011-nji ýyla çenli Owganystanda, şol sanda Pakistanyň günorta Weziristan welaýatynda hereket edýän “Talyplaryň” hatarynda ÖYH-e degişli jyhadçy hökmünde söweşipdir. Ýöne haçan-da Siriýada uruş turanynda, Rawşan ol ýerdäki salafist jyhadçylaryň hataryna goşulypdyr.

Ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde Siriýada alewitlere we Assady goldaýan eýranly şaýylaryň garşysyna göreşmegiň has gowudygyny aýdýar. Sebäbi onuň aýtmagyna görä, şaýylar we alewitler hakyky yslam dinini ýoýanmyşlar.

Rawşan Türkiýä gelensoň, "Al-Kaýda" degişli "Al-Nusra" toparyna goşulmagyň özi üçin kän wagt almandygyny we göni topara berkidilendigini aýdýar.

Iýulda Halapda (Aleppoda) bolan söweşde Rawşanyň aýagyndan atylýar we bir aýagyny ýitirýär. Şol sebäpden ol yzyna Türkiýä gaýdýar. Rawşan Türkiýede özüni Siriýa ugradan ”Al-Kaýda” bilen aragatnaşyk saklaýar.

Fergana jülgesinde ýaşaýan "Özbegistan yslam hereketiniň" ozalky üç sany jyhadçysy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Rawşanyňka meňzeş wakalary gürrüň berýärler. Olar hem Türkiýä gelip, "Al-Nusranyň" hataryna goşulypdyrlar.

Olar özlerine ilkinji gezek Türkiýäniň Hataý welaýatynda ýaşaýan özbek salafistiniň iş hödürländigini we onuň öz IPad-i arkaly Ýewropadan, Demirgazyk Amerikadan, Orsýetden we Orta Aziýadan jyhadçy toplaýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG